HOŞ GELDIŇIZ!

“Karina TRADING” kompaniýanyň saýtyna hoş geldiňiz.

“Karina TRADING” – Gazagstanyň kagyz sanitar-gigiýena önümlerini öndüriji kompaniýa. “Karina TRADING” şeriketiniň hajathana kagyzy we salfetkalary öý hojalykda we önümçilikde standart “de-fakto” bolup durýär.

Kompaniýamyz bilen has giňişleýin “Kompaniýa hakynda” bölüminde tanyşyp bilersiňiz.

Biz kagyz sanitar-gigiýena önümleriniň 40-dan gowrak görnüşlerini öndürýäris. Müşderiniň islegine görä özboluşly bezegi ýa-da nyşany bolan önümi çykarmak boýunça aýratyn sargytlary ýerine ýetirmek mümkinçiligimiz hem bar. Biziň önümlerimiz bilen has giňişleýin “Önümler” bölüminde tanyşyp bilersiňiz. Hut şol bölümde göwnüňize ýaran önümi saýlap, biziň Internet dukanymyzda sargyt edip bilersiňiz.

Biziň önümlerimiziň görnüşleriniň köplügi we ýokary hili – şeksizdir. “Emma bahalar nähili-kä?” – diýip, soramagyňyz mümkin. Olar bilen Siz “Praýs kagyzy” bölüminde tanyşyp bilersiňiz.

Ynamdar hyzmatdaş – hususy gigiýena üçin kagyz serişdeleriň öndürijisi.

Harydy bütin Gazagstan boýunça awtoulag we d/ý wagonlary arkaly getirmek – tölegsizdir!

SALFETKALAR

2010-njy ýylyň başynda “Karina” iki gatly salfetkalary öndürmäge başlady.


HAJATHANA KAGYZY

Iki gatly, ak, nagyşly we perforasiýaly, wtulkaly we çyga çydamly.


Kagyz elsüpürgiçler

Ýeke gatly, ak, nagyşly we perforasiýaly, wtulkaly.

Kompaniýa Hytaýyň önümi bolan salfetka öndürmek üçin niýetlenen stanogy hödürleýär (ulanylan we gowy ýagdaýda).
Häsiýetnamalary
Markasy: FJ-II;
Salfetkalaryň ölçegleri: 240*240;
Ulanylýan çig mal: ýeke gatly iki reňkli möhür;
Öndürijiligi: 630 list/min;
Kuwwatlylygy: 2,2kw;
Gabarasy: 5050*2010*1140;
Bahasy: 7000 dollar.

Täzelikler

2015-nji ýylda kompaniýa tarapyndan, öndürilýän önümleriň göwrüminiň we hiliniň ýokarlanmagyna ýardam eden, hajathana kagyzyny öndürmek boýunça täze awtomatik stanogy satyn alyndy. Iýun aýynyň başynda “Karina TRADING” kompaniýasy täze nagyşly “Elit” hajathana kagyzyny çykarmaga başlady. Täze nagyş kagyzy has ýumşak we güberçek etdi.

2010-njy ýylyň başynda “Karina TRADING” kompaniýasy “Abstraksiýa belaýa”, “Abstraksiýa s risunkom”, “Abstraksiýa swetnaýa”, “Ýewro s risunkom ”, diýen täze iki gatly salfetkalary önümçilige göýberdi. Biziň salfetkalarymyz hil boýunça ýewropaly öndürijileriňkiden pes däl, emma baha taýdan amatly tapawutlanýar.


2009-njy ýylda, öndürilýän salfetkalaryň göwrümini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, Italiýada öndürilen 4 sany awtomatik “OMET TV – 503” salfetka liniýalary işe girizildi. 2009-njy ýylyň ahyrynda, täze enjamlaryň kömegi bilen, satuwa has çylşyrymly we doly reňkli suraty bolan salfetkalar çykaryldy.

2009-njy ýylyň ortasynda “double 2*50” 100 s. ak reňkli täze salfetkalar satuwa çykaryldy. Bu salfetkalar täze bezeg bilen tapawutlanýar we ulanyşda has ynjalykly, ol 50 sanydan ybarat bolan iki bölege ölçenip gaplanyp, gabynyň açmak üçin perforasiýa çyzygysy bar. Biziň “НМ-А 18 gramm” iki gatly esasy özümiziň öndürmäge başlanymyz üçin “Karina”, “Belosnežka”, “Elit belyý”, “Elit swetnoý” diýen hajathana kagyzlary iki gatly boldy.


2004-nji ýylda kärhanada, hil taýdan häsiýetlendirmesi boýunça öz Russiýanyň we Ýewropa döwletleriniň öňde baryjy öndürijileri tarapyndan öndürilýän deňdeşinden pes gelmeýän, san-gigiýena geregine ulanylýan taýýar önümleri öndürmek üçin zerur bolan, sellýuloz çig malyny almaga mümkinçilik beren we öndürijiligi 60t/gije-gündiz bolan, san-gigiýena esasyny öndürmek boýunça täze italýan-çeh liniýasy işe girizildi.

Önümçiligiň göwrümleriniň ýokarlandyrylmagy harydyň üýtgemeýän ýokary hilini saklamak bilen, taýýar önümleriniň pes bazar bahalaryny saklamaga mümkinçilik berýär.